- köw
- Suw giden giň oý ýer; çuň oý ýer, oýtak ýer, köwlen ýer.∙ Ine, ummasyz meýdany tutup ýatan uly köw. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Meselem köw - köwüm, köwüň.◊ köw salmak — Aýlaň-çaýlaň etmek, gara bermek, görünmek.∙ Dagy-duwara biziň goçymyza köw salaýsaň, heziliňi alaryn -- diýip, onuň yzyndan hemle urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.